Adatça, çagalar ululara garanyňda köp wagtlap ukusyny alýar. Amerikanyň Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary ýaş aýratynlyklaryna we adamyň ösmegi bilen baglylykda ukynyň fazasynyň üýtgeýşiniň modelini işläp taýýarladylar we bu soraga kesgitli jogaby tapdylar.
Alymlar bu işlerinde dürli hili geçirilen barlaglara esaslanmak bilen adamyň adatça uklamaga sarp edýän wagty bilen onuň ýaş aýratynlygyny baglylykda öwrenip, dürli ýaşda uklamaga sarp edilýän wagty ýüze çykardylar. Barlaglaryň netijesinde, has kiçi ýaşly çagalaryň 2,5 ýaşyna çenli aňynyň örän ýokary derejede ösýänligi ýüze çykaryldy. Munuň sebäbi bolsa çaganyň şol ýaş aralygynda ukusynyň çalt fazada bolmagydyr.
Integratiw biologiýa we fiziologiýa ylymlarynyň professory Jina Po çagalary mümkin boldugyndan turuzmazlygy maslahat berýär. Sebäbi çaga ýatan mahaly onuň aňynda zatlaryň obrazlaşmasy we sinapslaryň berkidilmegi bolup geçýär.
Science Advances žurnalynda neşir edilen bu barlaglaryň jemlerine laýyklykda, çaganyň ukusynyň fazasy 2,4 ýaşyndan soň beýniniň işi bilen baglylykda tiz üýtgäp başlaýar.
Näme üçin çagalar ululardan köp ýatýar?
