Pasyllaryň soltany güýz pasly ýurdumyzyň ähli ýerinde höküm sürýär. Güýz paslynyň gelmegi bilen biziň obamyzyň keşbi düýpgöter üýtgedi. Obamyzyň ortarasyndan kesip geçýän şatutlarynyň ýapraklary, güneşiň nurly şöhlesinden melhem alyp, säher şemalyna ygjap, ýere taýyp gaçýarlar. Şatutlaryň ösüp oturan pelleriniň içi saralan ýapraklardan dolupdyr. Ýapraklar günüň şöhlesine saralan bolsalar olaryň berkligi hiç üýtgemändir. Uly ýol bilen ýöräp barşyma bu tut ýapraklarynyň birini elime alyp onuň ýüzündäki inçejik damarlaryny synlap, onuň täsinligine geň galdym. Her bir ösüp gelýän daragtlaryň özboluşly köki damarlarynyň bolşy ýaly bu tut agaçlarynyňam dürli-dürli görnüşleriniňem bardygyna haýran galyjylyk bilen syn etdim. Meniň synlap duran şatudumyň bir ýapragy bolsa ýeliň ugruna ýokardan taýyp gaçdy-da togurlanyp gidiberdi. Men ol ýapragyň gurap ýeliň ugruna gitdimikä diýsem, ýok, ol ýaprak agramlam bolsa ýeliň ugruna sary öýme-ýaglyk ýaly şabyrdap togurlanyp gitdi. Men ol ýapragy synlap, yzyna düşdüm. Ýaňky ýaprak ep-esli togurlanyp gidip, akyp duran ýabyň içine gaçdy. Ol, akar suw bilen gitdi. Men öz ýanymdan ynsanyň ykbalyny şol ýapraga meňzedesim geldi. Ynsanyň ömri, belki çagalyk ýyllaryny, soň oglanlyk ýyllaryny, ýaşlygyny berk kämilleşdirip bilmese ýaňky ýapragyň akar suwda akyşy ýaly alyp gidýär. Çünki adamyň, ynsanyň geçip giden çagalygyny, juwanlyk döwrüni menikli geçirmese öwrülip hiç wagt gaýdyp gelmeýär.
Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň Halkara Gatnaşyklar institutynyñ talyby Rahym Şameýew