Gyş günleriniň golaýlamagy bilen ýüze çykyp biläýjek dürli ýokanç keselleriň öňüni almakda tebigy antibiotik hasaplanýan sarymsagyň ynsan saglygyna uly peýdasy bardyr:

• Sarymsagyň düzüminde köp mukdarda mikroblary we bakteriýalary gyryjy maddalar — fitonsidler bar. Mundan başga-da ondaky C, D, B, P toparlarynyň witaminleri bedeniň kesele garşy durnuklylygyny güýçlendirýär, immuniteti ýokarlandyrýar.

• Sarymsak işdäni açýar, iýmit siňdiriş fermentleriniň bölünip çykmagyny güýçlendirýär.

• Ajyja burç bilen sarymsak goşulan unaş dümewiň bire-bir emi hasaplanýar.

• Sarymsagyň düzümindäki kalsiý süňkleriň hem-de dişleriň sagdyn bolmagyny üpjün edýär.

• Gan basyşy bilen bagly ýüze çykýan kesellerde we aterosklerozda hem sarymsak giňden ulanylýar.

• Sarymsagyň dişjagazyny birnäçe minutlap agyzda çeýnemeklik agyz boşlugyndaky bakteriýalardan saplanmaga ýardam edýär.

• Sarymsak mynjyradylanda döreýän uçujy fitonsidleri dem almak arkaly dümew we basyk bejerilýär.

• Çagalarda döreýän soguljanlary ýok etmekde hem sarymsagyň ergininden peýdalanmak maslahat berilýär.

Arazbaýew Jumageldi,

Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.