Bahar paslynyň gelmegi türki halklaryň medeniýetine, däp-dessurlaryna,
edim-gylymlaryna nowruz baýramçylygy hökmünde giňden bellenilipdir. Parasatly
şahyr Magtymguly atamyzyň:
– Gelse nowruz äleme, ren kylar jahan peýda,
Ebrler awaz urup, dag kylyr duman peýda.
setirleri bilen tarypyny ýetiren Nowruz baýramy hem ýetip gelýär. “Now”
–täze, “ruz”-gün manylaryny aňladýan bu belli sene türkmen halkynyň gadymy däp-
dessurlarynda hem özüniň mynasyp ornuny eýeleýär. Nowruz kalplara täzeleniş,
ýüreklere ýaşaýşa bolan söýgüni bagş edýän, ynsanperwerligiň we dostlugyň,
myhmansöýerligiň, haýyr-sahawatyň baýramy hökmünde bellenilýär. 2009-njy
ýylda Nowruz baýramçylygy ÝUNESKO tarapyndan adamzadyň maddy däl
gymmatlyklarynyň sanawyna girizildi. Bu günki günde türkmen halkynyň we
beýleki halklaryň milli baýramçylygy hökmünde bellenilip geçilýän Nowruz milli
çäklerden çykyp halkara giňişliginde ruhy herm umumadamzat gymmatlygy
hökmünde dabaralanýar. 2010-njy ýylyň fewral aýynda BMG-niň degişli
Rezolýusiýasyna laýyklykda “Halkara Nowruz güni” dünýäniň köpsanly
ýurtlarynda dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Nowruz güniniň girip gelmegi
gije we gündiziň deňleşýän wagtyna gabat gelýär. Şol sebäpli hem ruhy ahwalaty
we çuňňur tebigy başarnygy bolan dana halkymyz tebigat bilen sazlaşykly ýaşap,
onuň syrlarynda kämil baş çykaryp, bütin ýylyň bu aýratyn güniniň halk
hojalygynda we durmuşda ähmiýetlidigine göz ýetiripdir. Has anygy, ýazky ekiş
möwsümine, çarwa işleriniň agramly bölegine hut Nowruz günlerinden soň badalga
berlipdir. Şonuň netijesinde Nowruzyň halkyň ýaşaýyş-durmuşy bilen bir hatarda
onuň halk döredijiligine, edim-gylymlaryna, däp-dessurlaryna, yrym-ynançlaryna
täsir edendigi we onda aýratyn yz galdyrandygy şübhesiz bolsa gerek. Nowruzyň
halk döredijiligi eserleri, şahyrana dessanlar, ýazyjy-şahyrlaryň döredijiligindäki
ornuny aýratyn belläp geçmek zerurdyr. Geliň, şu ýerde türkmen halk nakyllary we
atalar sözlerine ýüz tutalyň. Şunuň bilen baglanyşykly hormatly Prezidentimiziň
tagallasy bilen çap edilen “Paýhas çeşmesi” kitabynda nowruz bilen baglanyşykly
atalar sözi we nakyllaryň birnäçesi bar:
Ýylyň gelşi nowruzyndan belli, ýaryň gelşi – sowgadyndan.
Mundan başga-da, halkymyzyň “Gyşy gyş bolmadygyň, ýazy ýaz bolmaz”,
“Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň ýaz”, diýen aýtgylary hem bar.
Şulardan belli bolşy ýaly, Nowruzyň girip gelmegi bilen ýere ymykly ýylynyň
girmelidigi, howanyň maýlaýandygy, ekin-dikine güýçli depginde girişiberseň hem
boljakdygy ýaňzydylýar. Tebigatyň Nowruz günlerindäki ýene bir häsiýetli
aýratynlygy kitabyň “Nowruzyň gaýynda, togsanyň haý-haýynda” diýlen nakylynda
hem açyklaşýar. Bu ýerde togsan dolandan soň, çilleli gyş tamamlanyp, nowruzyň
gelmegi bilen ýel-ýagmyr köp bolsa bereketiň bol boljakdygy, yzgarçylygyň yzy
bilen ot-çöpleriň janlanjakdygy bada-bat mälim bolýar. “Nowruz geçiň şahyny
ezse, hasyla garaş” atalar sözüniň üsti bilen bolsa, ekerançylykda nowruz döwründe
ýagyn-yslaň köp bolsa hasylyň hem bereketli boljakdygyndan habar berýär.
Gelse Nowruz äleme

Göwher SAPAROWA,
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň daşary ýurt dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 9-njy çagalar bakja bagynyň terbiýeçi usulyýetçisi.