1947-nji ýylda Altaýdaky Pazyryk diýen depede ýerleşen gadymy
mazarlykda gazuw-agtaryş işleri geçirilende, türkmen halysynyň haýran
galdyryjy nusgasy ýüze çykaryldy. Alymlaryň çaklamalaryna görä,
Pazyryk halysy b.e.öň V asyrda çarwa skifler ýa-da çarwa hun taýpalary
tarapyndan dokalypdyr. Radio-uglerodly usuly ulanmak arkaly, onuň
2400 ýyl mundan ozal dokalandygy kesgitlenildi. Bu tüýjümek halynyň
şunça wagtlap ýatsa-da, kän bir zaýalanmandygy diýseň haýran
galdyrýar. Onuň häzirki güne çenli ýetip gelmeginiň sebäbi doňaklykda,
buzlukda saklananlygydyr. Haly oňat ýagdaýda saklanypdyr, onuň
ýerligi gyzyl reňkde bolup, reňkleriniň gammasy we nagşyň geometriki
taýdan örän takyk çitilişi boýunça edil häzirki türkmen halylaryna
meňzeş. Onda ýerleşdirlen 24 gölüň bolsa Oguz türkmenleriniň 24
taýpasyny aňladýan şekil bolmagynyň mümkindigini sungaty öwrenijiler
we taryhçylar belleýärler. Halynyň ululygy 183×200 santimetrden
ybaratdyr. Sankt-Peterburgdaky Ermitaž muzeýinde saklanýan bu
halyda ýerleşdirilen atlar Türkmenistanyň çäklerinde antik döwürde, şol
sanda Hytaýda «asman atlary» ady bilen tanalýan meşhur ahalteke
atlarynyň suduryna meňzeşdir. Halynyň nagşy ykjam jemlenen
görnüşinde hakyky ýagdaýa degişli keşpleri şekillendirmegi başaran
halyçylaryň nepisligi duýşy we çeperçilik bilen bagly zehini haýran
galdyrýar we kalbyňda buýsanç döredýär.
Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň
Maliýe fakultetiniň 1-nji ýyl talyby