Medeniýet ynsanyň öçmejek ruhy galkynyşydyr. Medeniýet we sungat ussatlaryň döreden gymatlyklary, gaýtalanmajak eserlerdir. Her bir eseri ussatlyk bilen döretmek we ony janlandyrmak ynsanyň köňül daragty. Daragt döränden soň ösýär, gülleýär – bu bolsa biziň häzirki ýaş neslimiz ýagny geljegimizdir.  Medeniýet diýip, giň manyda adamyň we jemgyýetiň maddy hem-de ruhy gymmatlyklary döretmäge gönükdirilen özgerdiji häsiýetdäki işlerine we onuň netijelerine aýdylýar. Şeýle manydaky medeniýet – munuň özi tebigat tarapyndan däl-de, hut adamyň hem-de jemgyýetiň döredýän maddy we ruhy häsiýetdäki gymmatlyklardyr. Dar manyda medeniýet diýlip, sungata, ýagny sungat eserleriniň döredilmegine, ýaýradylmagyna we saklanylmagyna hem düşünilýär. Şunda sazandalaryň, aýdymçylaryň, ýazyjy-şahyrlaryň, artistleriň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň edýän işleri; sergileri guramak, sahna eserlerini goýmak; muzeý hem-de kitaphana işleri we başgalar göz öňünde janlanýar. Şu manyda medeniýet diýlip, zähmet medeniýetine, özüňi alyp barmagyň medeniýetine, sözleýiş medeniýetine hem düşünilýär ýa-da bolmasa, käbir döwürlere at berlende-de (mysal üçin, marguş medeniýeti, parfiýa medeniýeti, seljuklar döwrüniň medeniýeti we ş.m.) köplenç medeniýet sözi ulanylýar. Bu düşündirişleriň ählisi maddy zatlara-da (suratlar, heýkeller, binalar, kitaplar, enjamlar), ruhy önümlere-de (däp-dessurlar, dini ynançlar, ideýalar, nazaryýetler, göz öňüne getirmeler) degişlidir. Netijede, adamlar tarapyndan döredilen maddy hem-de ruhy gymmatlyklar, degişlilikde maddy we ruhy medeniýet diýlip atlandyrylýar. Medeniýeti adamzadyň öz zähmeti bilen döredýän sungatsyz göz öňüne hem getirip bolmaýar. Çeper elli gyz-gelinlerimiziň gözelliklerden döreden haly sungaty, el-iş keşdeçilik sungaty, gerçek ýigitlerimiziň ussatlygy bolan zergärçilik sungaty, çeperçilik sungaty muňa mysal bolup durýar.

2024-nji ýylyň iýun aýynyň 22-27-si aralygynda “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Medeniýet hepdeligi hem-de “Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni” Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy uly toý dabarlar bilen bellenildi. Şahyrlarymyz akyldaryň şanyna goşgular düzüp, aýdymçylarymyz bolsa Magtymguly Pyragynyň goşgularyny aýdym edip aýtdylar. Şygryýet agşamlary, döredijilik duşuşyklary, aýdym-sazly çykyşlary, makala we goşgy bäsleşikleri, teatr sahnalary, sirk oýunlary ýaly birnäçe çykyşlar örän gyzgalaňly geçirildi. Halkymyz bu toýa taýýarlykly, joşgunly geldiler. Şu ýylda ak mermerli gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde bina edilen “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda hem-de Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän gözel ymaratly akylly şäher Arkadag şäherinde” Medeniýet hepdeligi geçirildi. Bu baýramçylyk mynasybetli has tapawutlanan döredijilik, medeniýet we sungat işgärlerine Milli Liderimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz tarapyndan “Türkmenistanyň Halk Artisti”, “Türkmenistanyň at gazanan bagşysy”, “Türkmenistanyň at gazanan aýdymçysy”, “Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti”, “Türkmenistanyň Halk ýazyjysy” ýaly birnäçe ýörite atlary dakyldy, medal hem-de gymmat baha sowgatlar gowşuryldy. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli 20-nji maýda  Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan “Magtymguly” atly kitaby çap edildi. Bu kitap şahyryň saýlanan eserlerinden toplanan ýygyndysydyr. Söz ussady Magtymguly Pyragynyň bu ýygyndysynda edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, çaga terbiýesi, ula hormat, kiçä sarpa, dost-doganlyk, ynsanperwerlik, gahrymançylyk, mertlik, watançylyk, milli döwletlilik babatda pelsepewi garaýyşlaryny, türkmen tebigatyny wasp edýän şygyrlary saýlanylyp alynypdyr. Kitabyň bezegi ýokary çap usulynda neşir edilipdir.

Toý-baýramlary goşalanyp gelýän ýurdumyzda iýun aýynyň 29-yna Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli Medeniýet we sungat işgärleri öz döredijilik sowgatlary bilen çykyş edýärler. Men hem talyp ýüregimden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen tüýs ýüregimden gutlaýaryn. Berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny arzuw edýärin.

Siziň il-ýurt, tutuş adamzat bähbitli tutýan tutumly işleriňiz mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Azadow Begenç

Döwletmämmett Azady adyndaky Türkmen milli dünya dilleri institutynyň Gündogar dilleri ve edebiýaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.