Rowaýatlar halkymyzyň milli ruhunda janlanan giden bir umman. Olaryň ýakymly yzlary, olaryň käte- käte görünmez, bilinmez dünýäler bilen seni geçmişiň kölgesine äkitmegi we gelejegiň çyzan ýollarynda perişan goýmazlygy üçin ýolçyzgysydyr. Şol çyzgylaryň bizi bir gün öz maksadymyza ýetirjekdigi ikiuçsyzdyr. Şol sebäpli-de rowaýatlaryň bir tarapynda hökman hakykat bar “ diýýärler. Halkyň ruhy hazynasynda ýaşaýan jadyly bir rowaýatlarda-da belki hakykat bolsa bardyr. Belki-de ýokdur. Ýöne bir zat mälim , şol hakykatlaryň köpüsi adam ykballaryna sapyp gidýär.her bir halkda bolşy ýaly, türkmen halkynyň hem ruhy hazynasyndan syzylyp çykan rowaýatlarda “Guşlaryň topar tutup, haýsydyr bir bilniksiz ýa, bilinýän mekanlara (rowavaty giňişlige) gitmegi, ol ýerlerde täze bir jadyly dünýä açmaklary” bizi bir günden bir gün maksadymyza ulaşdyrjak, jahankeşdeligi bize wada berýän ertekä çalymdaş ganatlary bilen äkitjek ýaly bolup dur. Muňa hakykatdan hem göz ýetirmek üçin ýurdumyzda hereket edýän syýahatçylyk kärhanalarynyň biri bolan “Syýa- guş” hususy kqrhanasyndyr. Kärhananyň milli aýratynlyklarynyň esasy häsiýetleriniň biri hem türkmen halkynyň milli ruhuna gabat gelýän taryhy ýerlerimiziň taryhy hem-de rowaýaty binagärlikleriniň dünýä ýaň salan ýerleridir. Kärhanada milli mirasymyzy daşary ýurtdan gelýän syýahatçylarymyz, jahankeşdelerimiz hem-de bilim adamlarymyz bilen birlikde , milli tagamlarymyzy, milli däp-dessurlarymyz bilen tanyşdyrmak mümkinçiliklerini ýola goýmak hem-de bu günki gün Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadgymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary bilen amala aşyrlandyr. Syýahatçylyk ulgamyna giňden ýol açyp, biziň ýurdumyzyň gadymy taryhy ýerlerini we bu günki ösüşlerimizi, Ak şäherimiz Aşgabadyň gözelligini syýahatçylara arkaýyn hem-de iň ýokary hyzmatlar bilen görmäge mümkinçilik döretmek usuly kärhananyň işewürligini ýene bir gezek subut edýän mysaldyr.“
Syýaguş”halkara milli syýahatçylyk hojalyk- jemgyýeti şeýle jadyly dünýälere sizi gezim etdirmäge, jahankeşdeligiň iň gymmatly ýatda galjak ganatlaryna mündirmäge mümkinçilik döretjekdigini bellemek ýeterlikdir. “Syýaguş” hojalyk jemgyýetiniň syýahatçylyk ugry munuň şeýledigini subut edýär. Türkmen milli tagamlarymyzyňdyr, türkmen milli däp- dessurlarymyzyň dünýä ýaýylmagynda Garaşsyz ýurdumyzyň häzirki ösüşlerini her bir jahankeşdä islendik dilde, ýagny her halkyň öz dilinde gürrüň bermek mümkinçiliklerini ýola goýmak hem kärhananyň ýokary hyzmatlaryndan mysaldyr.
Türkmen alabaýlarynyň eýesine wepaly, nijeme asyr bäri türkmen çopanynyň dosty bolup gelmegi asyrlara ýaň salan meşhur rowaýaty mysallar bilen meşhurdyr. Kärhanada jahankeşdeleri türkmen alabaý iti hem-de onuň taryhy baglary bilen tanyşdyrmak hem-de rowaýaty dünýä dolan wepalylygyny ýakyndan göz ýetirmek üçin çopan goşunlaryna jahankeşdeleri syýahat etdirmek, Garagumyň ajaýyp çöl tebigaty bilen tanyşdyrmak işleri hem kärhanada ýola goýlandyr. Türkmen Alabaýlarynyň syry ilkinji nobatda Garaşsyzlyk ýyllary içinde Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen açyldy. Türkmen alabaýlary iň wepaly hem- de iň duýgur, hüşgär hem- de eýesine wepaly jandar hökmünde häzirki döwürde dünýäniň çar künjünde tanalýar. Alabaý itleriniň atlary we olaryň gelip çykyş taryhyny öwrenmek üçin alymlar birnäçe ýyllaryny sarp edip, taryhda alabaý itleriň aslynyň türkmen topragynda ýaşandygyny subut etdiler. Alabaý – Alabaý ýa-da başgaça atlandyrylyşy ýaly, Merkezi Aziýanyň çopanköpekleri itleriň gadymy tohumlarynyň biri bolup, ol Uraldan Owganystana, Hazar deňzinden Hytaýa çenli aralykdaky örän giň çäklerde saklanyp gelinýär. Ilkinji nobatda biziň topraklarymyz bilen Mesopotamiýa topraklarynyň arasynda arabaglanşygyň bolandygyny görkezýän bu taryhy maglumatlar hakykatdan hem Garaşsyzlyk ýyllary içinde Altyndepäniň syrlaryny açdy. Mesopotamiýanyň söweş itlerinden gaýdýar diýip hasaplaýarlar. Orta Aziýanyň goýun hem-de aw köpekleri baradaky ilkinj taryhy ýazgylar mundan birnäçe müň ýyl ozalky döwre degişlidir we olarda bu itleriň atlary umumylykda «aziat» diýlip tutulýar. Aslynda Altyndepe bilen Şumer baglarynyň birligi hakynda türkmen alymlaryndan başga dünýä alymlary hem bu taryhy kökleriň birligine ynanýarlar. Çünki Aldyndepeden tapylan öküz kellesi bolsa, bu taryhy yzlaryň birligini açyp görkezýän maglumatlara baýdyr. Türkmenistandaky gadymy Altyndepe galasynda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde toýunsow palçykdan bişirilip ýasalan itiň heýkeljigi hem-de häzirkizaman orta aziýa aw itlerini ýatladýan äň süňkleri äpet uzyn we kellesi çüri läheň jandaryň gatap giden galyndysy tapyldy. Türkmen alabaýynyň şu günki güne çenli türkmen çopanyna wepalylygy, onuň ýüregni öz eýesine berip, mallary aman saklamak hüşgärleigine eýeligi düşündirip bolmajak tebigy hadysadyr. Alabaý – itiň daşky görnüşinden, ýagny gara- alalygyndan habar berýär. Hakykatdan hem bu itlerde tebigy hüşgärligiň bolmagy bahasyna ýetip bolmajak hadysadyr. Onuň gülgünräk açyk sary ýa-da goňrumtyl reňki çöl tebigatynyň esasy öwüşginlerine doly laýyk gelýär. Bu Mespotamiýanyň hem soňsuz çölleri bilen birigen ýaly, reňkdeş hem ykbaldaş pikirler bir nokatlary, baglanşygy özünde jemlänligi bieln dünýä ylmynda ýer alýar. Garagumda dowar bakýan çopanlar mal sürülerini gorap saklamakda örän gadymyýetden bäri bu dogumly, äpet göwreli köpekleriň kömeginden peýdalanypdyrlar. Olar, esasan, mallary ýyrtyjy haýwanlardan goraýar. Garagum çölüniň ýowuz tebigatyna döz gelip, türkmen alabaýynyň hüşgärligi saklaýşy bolsa, ýer ýüzündäki jandarlar bilen deňeşdirer ýaly däldir. Garagumuň ýowuz tebigatynyň gazaply şertleri, şonuň ýaly hem ýerli itşynaslaryň emeli ýol bilen tohumlary çakyşdyrmakda alyp baran dynuwsyz işleri ahyrky netijede itleriň başga hiç bir görnüşleri bilen garyşmaýan, häsiýeti boýunça gaýduwsyz, şir ýürekli türkmen köpekleriniň döremegine getiripdir. Dogrusy beýle wepaly jandarlar tebigatda az gabat gelýär. Alabaý bolsa, edil türkmen maşgalasynyň agzasy ýaly, hormatly hem söýgüli o rna mynasypdyr.
Häzirki zaman ulag- logistik hyzmatlarynda ilkinjileriň biri bolup durýan sanly mümkinçilikleriň çäginde kärhänänyň jahankeşdelere edýän hyzmatlarynyň mümkinçilikleri has-da giňeýär.
Ýurdumyzyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän şertlerde ýokary netije gazanmagy “Syýa- guş” syýahatçylyk kärhanasynda hem birsydyrgyn ýola goýulandyr. Häzirki döwürde sanlaşdyrylan dünýägaraýşy bilen wiza hyzmatlary,elektron wiza hyzmatlary, (EWIZA), ýurdumyza gelen jahankeşdeleridir, bilim adamalryny, syýahatçylary öz milli myhmanhanalarymyza bökdençsiz ýerleşdirmek hem-de myhmanyň rhaatlygyny gazanmak hyzmatlary ilkinji nobatda, elýeterli baharlar bilen amala aşyrylýandygy kärhananyň bu günki gün Hormatly Prezidentimiziň dünýäniň dostana döwletleri bilen edýän parhatsöýüjilikli gatnaşyklarynyň netijesi hökmünde subut edýär. Kärhana ýurdumyzyň parahatsöýüjilikli syýasaty esasynda parahatsöýüjilikli syýahatçylyk hyzmatlaryna uly üns bermegi, kärhananyň işini öňküden hem ösdürmäge mümkinçilik döredýär.
Daşary ýurtlarda dürli ugurlar boýunça geçirilýän çärelere, sergilere, okuw-seminarlara, konferensiýalara (we beýlekilere) hem-de syýahatçylyk gezelençlerine gatnaşmak bilen bagly hyzmatlaryň ähli görnüşleri,ýagny dünýäniň 108 sany döwletleriniň ähli künjeklerine gidip-gelmek üçin 500-golaý awia kompaniýalaryň uçarlarynyň awiapetekleri bilen amatly bahalardan üpjün etmek hyzmatlary bilen bilelikde , wizalary resmileşdirmäge ýardam bermek hyzmatlary bilen bilelikde, daşary ýurtlara gidýän raýatlarymyz üçin “ESIM” – elektron sim karta hyzmaty, şeýle-de ýurdumyzda geçirilýän seminarlarda, okuw we beýleki maslahatlarda kofe- breýk, günortanlyk we agşamlyk naharlaryny gurnamak hyzmatlaryny,s erhetýaka döwletlerine gidýän we gelýän raýatlary ýurdumyzyň gözegçilik geçiriş serhet nokatlaryna ýörite rugsatnamaly awtoulag bilen äkidip-getirmek hyzmatlaryny amala aşyrýar.Aslynda dünýäniň çar tarapyna uzaýan Ýüpek ýolunyň ugurlary boýunça nijeme aýlaryň hem-de ýyllaryň dowamynda geçilen ýollary häzirki wagtda “Syýa- guş” syýahatçylyk kärhanasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, häzirki zaman ösen syýahatçylyk ýollarynyň mmükinçiliklerine salgylanyp geçmek bu günki gün sanly dünýägaraýşy bilen kosmos asyrynyň ýeňilliklerinde ýaşaýan jahankeşdeler üçin örän ýakymlydyr.
Ýurdumyzyň jahankeşdelerine “Syýa- guşuň” jadyly ganatlaryna münüp,dünýäniň 108 sany döwletiniň ähli künjeklerine gidip- gelmek üçin 500 – golaý awia kompaniýalaryň uçarlarynyň awiapetekleri bilen amatly bahalardan üpjün etmek- bu häzirki zaman ösen ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň syýahatçylyk ulgamyna örän uly üns berýändiginiň netijesidir. Dostlukly döwletleriň syýahatçylaryny ýurdumyzyň iň gözel ýerlerine syýahat etmek üçin mümkinçilikleri açmak, Russiýa Federasiýasyna – onlaýn wiza hyzmatlary we ugurlary gurnamak, Hindistan Respublikasyna – wiza hyzmatlaryny we (lukmançylyk wiza 6 aýlyk, syýahatçylyk (syýahatçy) wiza 3 aýlyk, talyp (talyp) wiza, telekeçilik wiza 1 ýyllyk) we ugurlary guramak, Eýran Yslam Respublikasyna – wiza hyzmatlaryny ýerine ýetirmek (3 aýlyk 1 gezeklik, 3 aýlyk 2 gezeklik, 3 aýlyk multi wiza) we ugurlaryny gurnamak, mundna başga-da Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen gidilen ugurlarda häzriki zaman hyzmatlary bilen sanlaşdyrylan wizalary ýola goýmak esasy işleriň hataryndadyr.Goňy ýurdumyz bolan gadymdan gatnawly Özbegistan Respublikasyna – wiza hyzmatlaryny tiz wagtyň özünde birnäçe görnüşli ýol petekleri bilen bilelikde gurnamaklygyň aýratyn göz öňüne tutulmagy “Syýa- guş” Hususy syýahatçylyk kärhanasynyň gelejekde goňşy döwletler bilen has ysnyşykly işewürlik gatnaşyklary hem-de syýahatçylyk gatnaşyklary ýola goýandygyny alamatlandyrýar. Türki dilli halklaryň içinde hem birnäçe döwletleriň gelim- gidimli syýahatçylyk ugurlary häzriki zaman dostlukly gatnaşykalra has uly üns berýän TÜRksoý guramasynyň “Änew- Türki dünýäsiniň medeni paýtagtydyr” Diýen şygaryna hem salgylanyp, geçen ýyl birnäçe çäreleriň göz öňüne tutulmasy bilen birlikde Seýitjemaletdin goraghansyna syýahatçylyk ugurlaryny gurnamak,şeýle-de Ak şäherimiz Aşgabadyň güni bilen baglanşykly geçiriljek çärelere işjeň gatnaşmak isleýän syýahatçylarymyza ak şäherimize gelmäge mümkinçilikler döretmek syýahatçylyk kärrhanasynyň esasy maksatlarynyň biridir. Gazagystan, Gyrgyzstan we Täjigistan Respublikalaryna – wiza hyzmatlaryny taýýarlamak bilen birlikde ýurdumyzyň bilim ulgamynda geçirilýän çäreleriň giňişleýin mümkinçiliklerini nazarda tutup, talyplyk wizalaryny hem ýola goýmak , kärhananyň baş maksadydyr. (1 aýlyk syýahatçylyk (syýahatçy) wiza, 3 aýlyk multi, 6 aýlyk we talyp wiza) we ugurlary gurnamak bilen birlikde Birleşen Arap Emirliklerine – wiza hyzmatlary (1 aýlyk, 2 aýlyk wiza) we ugurlary gurnamak bilen birlikde göz- açyp ýumasy salymda dünýäniň bir ujundan beýleki ujuna barmaga mümkinçilikleri bolan uçar peteklerini ýurdumyzyň Howa menzili boýunça rahat uçmaklaryny gazanmaga hem-de ol döwletlere wiza hyzamtlaryny taýýarlamaga giň mümkinçilikler ýola goýlandyr.ABŞ-na we günorta Amerika – wiza uçin tertipnama dolduryp bermek we nobata goýmak bilen birlikde ösen döwletleriň, taryha baý, çeperçilik gözelligi bilen muzeýleriniň, teatrlarynyň gözelligi haýrana goýýan Beýik Britaniýa ýaly döwlete syýahat etmek üçin wiza üçin tertipnama dolduryp bermek we nobata goýmak hyzmatlary hem sähel salymyň içinde kärhana tarapyndna amala aşyrylýar. Iň esasy hem häzirki zaman ösen wiza hyzmatlarynyň içinde Ýewropa “Şengen wiza” – wiza üçin anketa dolduryp bermek we nobata goýmak hem- de topar boýunça ugurlary gurnamak, birnäçe adamdan ybarat syýahatçylar toparyny gurnamak (Çehiýa, Polşa, Norwegiya (Laplandiya), Beyik Britaniýa, Germaniýa, Italiya, Ispaniýa, Fransiýa, Şweýsariýa), tomus paslynyň gözelligi özüniň jadysy bilen häzriki pursady görkezmäge mümkinçilik berýän Malaýziýadaky hem-de Gruziýadaky ugurdaş hyzmatdaşlar (партнёры) bilen topar syýahatçylar ugurlary gurnamak- bu kärhananyň üstünlikli geljege gadam basan ýurdumyzda syýahatçylyk ugurlarynyň has ösýändigini subat edýär. Munuň özi dünýäniň çar künji bilen dostana gatnaşyklaryny ýola goýan ýurdumyzda gadymy taryhymyz bilen gyzyklanýan döwletleriň jahankeşdeleriniň , şol sanda , biziň ýurdumyzda beýleki döwletleriň taryhy ýerleri hem-de gözel ýerleri bilen gyzyklanýan syýahatçylaryň sanly mmükinçiliklerden peýdalanmaklary üçin giň mmükinçilikleriniň bardygyna ýene bir gezek şaýatlyk edýär. Häzirki döwürde ösüşlerde dünýäniň iň iri döwletleriniň biri bolan Hytaý Halk Respublikasyna, gadymy taryhy toparakalry bilen haýrana goýýan Wýetnama, tebigatynyň gözelligi gözüňi gamaşdyryjy Taýland Patyşalygyna, şeýle-de tebigatyndaky geň jandarlar bilen birlikde täsinlikler dünýäsi bolan Afrika ýurtlaryna, Günorta Afrika ýurtlaryna, Ýaponiýa, Maldiwa, Indoneziya (Bali), Singapura, Mýanma, Taiwana, Filippine, Laosa, Koreýa, Kambodža, Gollandiýa, Argentina, Portugaliýa – wiza hyzmaty we syýahatçylar toparyny dünýäniň iň ösen usullary bilen birlikde äkidip, getirmek şu günki gün ýurdumyzyň çäklerinde edilýän işlerde , syýahatçylygyň belent nusgalaryna laýyklykda alnyp barylýan işlerde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalarynyň durandygyny ýene bir gezek subut edýär.
“Syýa- guşuň” jadyly ganatlarynyň üsti bilen dünýäniň çar künjüne syýahat etmek, şeýle-de syýahatçylyk hyzmatlaryndan peýdalanmaga giň mümkinçilikler tapjak müşderilerimize garaşýas. Ýollaryň ak bolsun “SYÝA- GUŞ”
Oguljennet Bäşimowa
jurnalist