Muzeýler dünýäniň ýüzünde öz taryhymyzy öwrenmek, ony gelejege äkitmek üçin asyrlardan asyrlara uzanan medeniýetleri özünde jemleýän gudratly güýçlerdir. Ol ýerde nijeme ruhy eserlerden başlap, taryhy tapyndylara çenli täsin bir gudratly mekan ýaly, dünýäniň çar künjünden görmäne gelýän jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýär. Biziň hem Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň tekjelerinde dünýä medeniýetlerini , taryhlaryny, sungatlaryny özünde jemleýän uly bir gudratly howa ýerleşýär. Munuň özi jahankeşdeleriň ünsüni özünde jemleýär. Birnäçe ýygynyddan ybarat bolan toparlarda eserleriň täsiri gelen jahankeşdelerde ömürlik täsirini galdyrýar.Muzeýiň ýygyndysynda Günbatar Ýewropa sungatyna degişli Italiýa, Fransiýa, Gollandiýa, Angliýa, Ispaniýa we Germaniýa ussatlaryň XIV-XIX asyrlardaky nakgaş, heýkeltaraşlyk eserleri, farfor önümleri ýerleşdirilendir. Her bir taryha ýazylanda şol halkyň milli gymmatlyklarynyň naýbaşy haly barada çyzylan kartanyň keşbi göz öňüňe gelýär. Edil şäherleriň, obalaryň, döwletleriň we kontinentleriň kartada ýerleşdirilişi ýaly, her halkyň öz gymmatlyklary onuň süňňüni düzýän giňişlikdir. Giňişlikde näçe zat bardygyna däl- de şol ýerde nähili zat bardygyna degişli bolýar, aslynda. Has akyla gulluk edilende. Manysy nähili, tutýan orny, meýdany, özüne çekijiligi bu zatlaryň hil hem maddy aýratynlyklary düzýändigi düşnükli zat.
Beýik ýüpek ýolunyň yzy bilen gözleglerimizi dowam edip, biz hem hormatly Arkadagymyzyň “ Türkmenistan Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi”atly kitabyndan ruhlanyp, şeýle medeniýetleri özünde jemleýän topraklaryň biriniň hut türkmen topragydygyny göz öňünde tutup, beýik medeniýetleriň baglanşygy hakda boldugyça has içgin gürrüň etmegi, şol arabaglanyşykda türkmen topragyna degişli gymmatlyklaryň has aýdyň ýüze çykýar we her bir gysym toprakdan tapylan tapyndylar muzeýiň tekjelerindäki taryhy tapynydlaryň gelen jahankeşdelerde ýatdan çykmajak täsirinigaldyrýandygy hakykatdygyny ýene bir gezek subut edýär. Şol taryhy zolaklaryň biri- de ýüpek ýoluynyň ugrunda ýerleşýän ahal welaýatynyň, häzirki döwürde Aşgabat şäheriniň territoriýasyna girýän Parfiýa medeniýetiniň iň irki ösüşlerini öz içine alýan gadymy Nusaý galasydyr. Nusaý galasy paýtagtymyzyň eteginde ýerleşip, özüniň medeni aýratynlyklaryny soňky döwürlerden alýan hem bolsa, ol ýerden tapylan tapyndylaryň has irki medeniýetlere degişlidigini, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanda medeni gatnaşyklaryň yzygiderli bolandygyny subut edýän hadysadyr.
Nusaý galasynyň meýdançasyndan tapylan pil süňkünden edilenritonlaryň tapylmagy, şeýle-de äpet küýzeleriň önümçilik üçin ulanylmagy esasynda, hasaplamalaryň ýüze çykmagy, ösen ykdysady hem- de söwda aragatnaşygynyň dünýäniň çar künjüne uzan ýollar bilen baglanyşygynyň bardygyny subut edýän hadysalaryň biridir. Reňklenen özboluşly çekerler, ol ýerlerde goýlan resminamalaryň tapylmagy şeýle- de her bir keramiki düzümde ýerleşdirlen içerki ykdysady birligi subut edýän maglumatlar bu ýerde söwdaaragatnaşygynyň has ykjam bolandygyny ýene bir gezek subut edýär. Şirmaýydan edilen ritonlardaky şekiller bolsa, sahnalaşdyrylan görnüşde bezelip, skifleriň parfiýa patyşalygyny ýer ýüzünde tanadan täsin haşamlarda görkezmek üçin ýörüte buýruk berilen bolmagynyň mümkindigini kesgitleýän maglumatlar bilen gabat gelýär.
Her bir tekjede her dürli taryh bar, emma muzeýimizde ähli medeniýetleri bir ýerde görmek jahankeşdeleriň taryhy eserleri hem hiç gözden salmaýandygyny subut edýär.
Muzeý ýygyndysynyň rus sungatyna degişli eserleriniň iň irkileri XVII asyryň ahyrlarynda döredilen eserlerdir. Pýotr I rus jemgyýetiniň başyny başlan hem rus sungatyna özüniň uly täsirini ýetiripdir. Özgerişler Russiýa döwlet ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň we sungatynyň ähli ugurlaryny öz içine alýar. Russiýa hökümetiniň agzalarynyň, ylym we medeniýet wekilleriniň keşplerini Peterburg şäheriniň köşklerinde we ýadygärliklerinde çekmek meselesinde surakeşleriň ünsüni çekýär. Netijede, nakgaşçylaryň täze nesli, buýurma portret žanryny ýüze çykarýar. Muzeýde ýerleşýän eserler günbatar ýewropa sungatynyň saýlama nusgawy eserleri bilen bir hatarda hasaplanylýar. 1741-nji ýylda Germaniýadan gelen suratkeş Georg Hristow Grot Russiýada 9 ýyla golaý ýaşapdyr we rus sungatynyň taryhynda uly yz galdyrypdyr. Ýelizaweta Petrownanyň köşk suratkeşi bolmak bilen, ol birnäçe gezek patyşa maşgalasynyň agzalarynyň keşplerini döredipdir. Şol portretler bolsa, awtoryň hut özüniň gözegçiliginde birnäçe sanda nusgasy döredilipdir. Onuň “Ýekaterina Alekseýewnanyň eli ýelpewaçly” atly eseri şol mysal getirilýän işleriň biridir.Rus nakgaşçylygynyň impressionizm akymynyň wekili hökmünde K. Korowini (1861-1939) belläp geçmek bolar.
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi 2005-nji ýylyň 17-nji fewralynda açylyp, onda dünýäniň nijeme medeniýetleri bilen birlikde, sungatlary bilen birlikde tapyndylaryň täsirini seni bendi edýär. Muzeý Ýurdumyzyň Gadymy sungatyny, ilkinji türkmen şekillendiriş sungatynyň ägirtlerini döreden gymmatly eserlerini, häzirki zaman türkmen şekillendiriş we amaly- haşam sungatynyň gaýtalanmajak täsin sungatyny halk köpçüligine görkezmek üçin niýetlenen esasy sungat ojaklarynyň biridir.
Muzeý ekspozisiýasynda Günbatar Ýewropanyň sungatyna degişli bolan XIV- XIX asyr italýan, fransuz, nemes, golland, iňlis, ispan, rus hem-de gündogar halklarynyň suratkeşleriniň we heýkeltaraşlarynyň eserleri we sünnälenip ýasalan farfor önümleri ýerleşdirilendir. Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýiniň ylmy işgärleri we gaznaçylary sergi geçirmek boýunça uly işleri alyp barýarlar. Muzeý gaznahanalarynda ýerleşýän eserlerinden her ýylda onlarça sergiler gurnalýar, onuň hemişelik ekspozisiýasy täzelenip durýar. Munuň özi muzeý toplumyny wagyz etmäge, muzeý gaznahanalaryndaky gymmatlyklary giň tomaşaçylar köplügine görkezmäge mümkinçilik berýär. Muzeý ýygyndysynyň üsti hemişe ýetirilip durýar. Döwrüň ösüşlerini wasp edýän suratkeşleriň eserleriniň sergilerini guramak möhüm bolup durýar. Şol işleriň ähmiýeti döwrebap sungatyň meselelerine berilýän üns, onuň häsiýetli aýratynlyklaryny öwrenmekden ybaratdyr. Şunuň ýaly sergilerden soň, eserleriň käbiri muzeýiň gazna birligi bolup galýarlar, geljekki nesillere ýetirmek üçin döwrümiziň ruhy baýlyklaryndan ybarat ýygyndysynyň üstüni ýetirýärler.
Muzeýde taryhy topraklarymyz bilen bagly tapylan tapyndylar esasynda ýurdumyzda ýerleşýän taryhy ýerleriň umumy gurluşy , arheologik taýdan öwrenilişini beýan edýän topar tapyndylary hem ýerleşdirilen.Mary arheologiýasyndan tarylan Marguş siwilizasiýassynda açyk beýan edilýär. Ömrüni arheologiýa sungatyna beren W. S. Sarianidy bu ýer böleginiň geçen asyrlardan galan beýik bir hazynadygyny subut etmesi türkmen halkynyň gelip çykyşyny öwrenmekde edilen işleriň iň ulularynyň biridir. Häzirki döwürde-de dünýäniň ýüzüniň Türkmenistana bakmasy bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr we bu işde taryhýylaryň örän uly, bahasyna ýetip bolmajak iş edýändigini bellemegimiz gerek. Biz öz taryhymyzy ymykly öwrenip, gelýän jahankeşdeleriň öňünde ýokary netijeleri gazanyp, beýik medeniýetleriň taryhyny öwrenmek bilen türkmen topragynyň taryhyny öwrenmäge borçlydyrys. Sebäbi dünýäniň ýüzünde ilkinji dörän janly org-adam hakdaky maglumatlara- da öz bagyny dakan türkmen ruhy hazynasynda öz kimliginiň syryny saklap bilipdir. Şeýlelikde dünýä siwilizasiýasynda öz ornuny tapan türkmeniň taryhy bu gün açylmalydyr. Bu gün türkmeniň taryhy hökman öz hakyky keşbini tapmalydyr. Ahyr bir gün Orta Aziýadan dörän beýik medeniýet ýeriň ýüzünde ähli alymlara aýan bolar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Günbatar Ýewropa sungatynyň toplumy Ýewropa medeniýetiniň birnäçe ýüzýyllyklaryň dowamyndaky ösüş ýollaryny häsiýetlendirýändir. Bu gün ýaşyl ýaýlalarda ýaýylyp ýatan galalaryň açylmaly syrlarynyň açary Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň “ Türkmenistan beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly mukaddes kitabydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwrüň pasyrdaýan ýaşyl baýdagynyň astynda beýik ýüpek ýolunyň syrlaryna barýan ýodalary öwrenmek biziň paýymyza düşýär. Şeýle ajaýyp taglymatdan ugur alýan beýik medeniýetiň eýesi bolan türkmen döwletiniň geljegi mizemez başy dik, taryhy bolsa şöhratlydyr!
Gülşirin Ataýewa
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň Mahabatlandyryş neşir edijilik bölüminiň dizaýner grafik baş hünärmeni